Türkmen ministri Kazanda Tatarystanyň prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ministri Kazanda Tatarystanyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow duşuşyk geçirdi. (Surat: Tatarystanyň prezidentiniň resmi saýty)

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar nebit we gaz, maşyn gurluşyk, energetika, derman senagaty we oba hojalyk pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan hem beýläk ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, duşuşygyň çäginde gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we  Tatarystanyň ýokary okuw jaýlarynda bu pudakda hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda prezident Minnihanow türkmen ministrine Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalaryna hoşallyk bildirip, şu ýylyň iýun aýynda Kazan şäherinde geçiriljek “KazanSummit” halkara sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyk hereket edýär. Geçen ýylyň ilkinji dokuz aýynyň jemi boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 65 million ABŞ dollaryna ýetdi. Türkmenistan Tatarystanyň “KAMAZ” we “Tatneft” kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň dekabr aýynda Kazan şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi.

Türkmenistanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi şu ýylyň 7-nji fewralynda döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022