Lebaply telekeçi maldarçylyk işini doly özleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçi maldarçylyk işini doly özleşdirýär
Maldarçylyk fermasynda sygyrlaryň bir bölegi toplumyň ýapyk böleginde, bir bölegi bolsa tebigy şertlerde idedilýär.

Lebap welaýatynda süýt önümleriniň önümçiligini ýola goýan telekeçi Şöhrat Saipow özlerine zerur bolan süýt bilen üpjün etmek üçin sagymlyk mallary saklamaga başlady.

Saipow welaýatyň Saýat etrabynyň çäklerinde döwlet tarapyndan bölünip berlen 265 gektar meýdanyň bir bölegini mal saklamak üçin özleşdirdi. Şol ýerde idetmek üçin Eýrandan köp süýt beriji ýörite sortly sygyrlaryň 160-a golaýyny satyn aldy.

Maldarçylyk fermasynda sygyrlaryň bir bölegi toplumyň ýapyk böleginde, bir bölegi bolsa tebigy şertlerde idedilýär. Her bir sygyrdan bolsa, gündelik ortaça 35 litr süýt alynýar.

Kärendä alnan meýdany özleşdiren işewür mallar üçin zerur otlary hem özi ekýär.

Işewüriň süýt öndürýän kärhanasynda peýnir, dorog, gaýmak, uýadylan gaýmak, mesge ýagy öndürilýär. Bu önümler “S” haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna iberilýär.