Türkmen gümrükçileri täze serhet we gümrük usullary bilen tanyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gümrükçileri täze serhet we gümrük usullary bilen tanyşdylar
Sebitleýin okuw maslahatyna Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasyna gatnaşyjy döwletleriň ählisinden wekiller we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti 11-13-nji fewralda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen serhet we gümrük gözegçiliginiň wezipeleri boýunça bir-biregi ygtyýarly etmegiň çygrynda pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy.

Okuw maslahatyna Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasyna (BOMCA 9) gatnaşyjy döwletleriň ählisinden wekiller we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahatda Finlandiýa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa ýaly Ýewropa döwletleriniň serhet we gümrük gulluklarynyň arasynda degişli edaralaryň bir-biregi ygtyýarly etmek usulyny öz işinde giňden ornaşdyrandygy bellendi.

Okuw maslahatynda çykyş eden ÝB-niň bilermenleriniň aýtmaklaryna görä, bir-biregi ygtyýarly etmek usuly ýolagçylaryň we harytlaryň gümrükden çalt geçmegine hem-de serhet edaralarynyň serişdeleri has netijeli ulanmaklaryna ýardam edýär. Maslahata gatnaşyjylar bu täze usul bilen tanşyp, onuň oňyn we töwekgelçilikli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda pudagara hyzmatdaşlyga, onuň esasy maksatlaryna we hukuk esaslaryna, bilelikdäki gözegçilige, gümrük gözegçilik ýerlerindäki ýüze çykýan meselelere, özara maglumat alyş-çalşygyna we töwekgelçiligi dolandyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

2022