“Türkmen-Tranzit” hojalyk jemgyýeti sişenbe güni Daşoguz şäherinde telekeçiler we döwlet edaralarynyň wekilleri üçin “Sanly aragatnaşyk” atly maslahatyny gurnady.
Maslahatyň dowamynda kompaniýanyň hünärmenleri telekeçiligiň ösmegi we kämilleşmeginde sanly çözgüt boýunça wideo tanyşdyrylyşyny geçirdi. Onda sanly resminama dolanyşygynyň aýratynlygy we “CRM” “Bitriks 24”, 1C programma ulgamynda işewürligi dolandyrmak boýunça tanyşdyryldy.
Şeýle-de önümçilik ulgamynda awtomatlaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk we täze smart-terminallaryň ulanylyşy boýunça hem gürrüň berildi.
Maslahata gatnaşyjylar “Türkmen-Tranzit” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “TT Gate” ýaly programmalar, döwrebap saýtlar we applikasiýalar bilen tanyş boldular.
Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde geçirilen maslahat kompaniýanyň Daşoguzdaky bölüminiň açylyşyna gabat getirildi. Daşoguz şäherindäki bölüminiň açylmagynyň maksady welaýatda sanly ulgama tiz wagtda geçmäge goşant goşmakdan ybaratdyr.
Ýurduň ähli welaýatlarynda sanly ulgam boýunça maslahatlary gurnamagy maksat edinýän “Türkmen-Tranzit” ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenbaşy şäherinde hem öz alyp barýan iş ugurlary bilen gatnaşyjylary tanyşdyrypdy.
2010-njy ýylda esaslandyrylan “Türkmen Tranzit” kompaniýasy 2019-njy ýylyň mart aýynda öz düzüminde kiberhowpsuzlyk bölümini açdy.