PETRONAS Türkmenistanda ýel energiýasyndan peýdalanmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
PETRONAS Türkmenistanda ýel energiýasyndan peýdalanmagy meýilleşdirýär
Kompaniýanyň häzirki wagta çenli Hazaryň türkmen bölegindäki nebit-gaz ýataklaryna goýan maýa goýumy 11 milliard ABŞ dollaryna golaýlady.

“PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” halkara kompaniýasy Türkmenistanda gün we ýel energiýalaryndan peýdalanyp, zibilleri saýlamak, elektroenergiýany, ýylylygy we agyz suwuny almak ugrunda işleýän hünärmenler üçin taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredýär.

Kompaniýa önümçiligiň howa şertleriniň üýtgemegine uýgunlaşmagy bilen bagly taslamasynyň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň çygrynda birnäçe çäreleri gurnaýar we durmuşa geçirýär. Şeýle hem önümçiligiň energonetijeliligine ýetmek üçin energoauditi geçirmek meýilleşdirilýär.

Geçen ýyl kompaniýa ekologiýa bilen baglanyşykly tejribe we okuw, döwlet guramalary bilen bilelikde dürli çäreleri geçirmäge başlady. Şunuň bilen baglylykda PETRONAS-yň önümçilik meýdançasyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna çenli kenarda wagtly-wagtynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işleri alyp barmakda kompaniýa Türkmenistanyň agroekologiýa edarasyna degişli bolan “Hazarekogözegçilik” gullugynyň Balkanabat şäher bölümi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

“PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Hazardaky ýataklary özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň ilkinji hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu malaýziýaly maýadar önümleri bölüşmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen 1996-njy ýylda 32 ýyllyk şertnama baglaşypdy we Magtymguly, Diýarbekir we Garagol-Deňiz ýataklarynyň düzümine girýän “Blok-1” deňiz çäginde nebit-gaz almaga we barlamaga rugsatnama aldy.

Kompaniýanyň häzirki wagta çenli Hazaryň türkmen bölegindäki nebit-gaz ýataklaryna goýan maýa goýumy 11 milliard ABŞ dollaryna golaýlady.

2022