Pakistan TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistan TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tassyklady
Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrmaga mümkinçilik berer.

Pakistanyň Federal energetika ministri Omar Aýub Han ýurduň hökümetiniň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň taslamasyny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny belledi.

Pakistanyň nebit bölüminiň sişenbe günündäki metbugat beýanatyna görä, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow “TAPI Pipeline Company Limited (TPCL)” kompaniýasynyň direktory we müdiriýetiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow bilen bilelikde Federal energetika ministri Omar Aýub Han we premýer-ministriň nebit boýunça ýörite kömekçisi (PMÝK) Nadim Babar bilen Yslamabatda duşuşyk geçirdi.

TPCL-niň baş direktory federal ministre hem-de PMÝK-ne TOPH gazgeçirijiniň taslamasynda ýetilen ösüş, sebit we Pakistan üçin onuň artykmaçlyklary hakynda maglumat berdi.

TOPH taslamasy boýunça alnyp barlan işdäki öňe gidişlige ministr ýokary baha berip, munuň energiýa göterijilerini diwersifikasiýalaşdyrmakda, durmuş düzüminiň maksatnamalaryny we gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin iş orunlaryny döretmekde itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol pakistan hökümetiniň taslamany ýerine ýetirmäge doly ygrarlydygyny nygtady.

Nadim Babar taslamanyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegi üçin ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmeginiň zerurdygyny belledi.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa tarap akdyrmaga mümkinçilik berer.