Türkmen ekerançysy ilkinji hasylyny sebit ýurtlaryna eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ekerançysy ilkinji hasylyny sebit ýurtlaryna eksport etdi
Häzirki wagtda hojalykda pomidorlaryň 12 görnüşi, bolgar burçuň iki görnüşi we ýertudananyň üç görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

“Altyn tug” hususy kärhanasy ýyladyşhana toplumyndan 800 tonnadan gowrak pomidoryň ilkinji hasylyny ýygdy. Ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň üçden iki bölegi Russiýa we Gyrgyzstana iberildi.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 12 gektar meýdany eýeleýän oba hojalyk toplumy geçen ýylyň ahyrynda ulanylmaga berildi. Gök önümleri we ýertudanany ýyl boýy ösdürmek üçin “Altyn tug”-yň hünärmenleri bäşinji nesliň tilsimatlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanany gurdy. Ornaşdyrylan tilsimatlar ýyladyşhanany işletmäge gidýän çykdajylary ep-esli azaltmaga, ekinleriň hasyllygyny we işewürlik taslamasynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda hojalykda pomidorlaryň 12 görnüşi, bolgar burçuň iki görnüşi we ýertudananyň üç görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ähli gök-önümler, miweler synagdan geçirilýär we ýurduň demirgazyk sebitiniň şertlerine uýgunlaşdyrylýar. Iň durnukly we netijeli görnüşler geljekki hasyl üçin esas bolýar. Eýýäm ýerlenilen önümlere goşmaça daşoguzly ekerançy birinji ýarym ýyllykda 1600 tonnadan az bolmadyk hasyla garaşýar.

Ekerançylaryň ýakyn geljek üçin kesgitlän meýilnamalarynyň arasynda sifomandrany - pomidor agajyny ösdürmek bardyr. Itüzümler maşgalasyna degişli bolan bu ekiniň geljegi uly hasap edilýär, sebäbi ol hasyllylygy boýunça öz “iň ýakyn garyndaşyndan” ýokarydyr we sarp edijilik derejesi boýunça onuň miwelerinden pes däldir.

“Altyn tug” oba ojalyk önümçiligi bilen bir hatarda, gurluşyk ulgamynda hem baý terjibe toplady. Hususy kärhana häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gatnaşýar.