Türkmen telekeçileriniň 200-den gowragy pudak sergisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileriniň 200-den gowragy pudak sergisine gatnaşar
Söwda-senagat edarasynyň binasynda 17-18-nji martda geçiriljek sergä türkmen telekeçileriniň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde sergi geçiriler.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda 17-18-nji martda geçiriljek sergä türkmen telekeçileriniň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Giň möçberli sergi ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ýeten derejeleri, telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän önümleri görkeziler.

Şeýle hem sergi türkmen telekeçileri tarapyndan sanly ykdysadyýetiň ösüşine, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşyna goşýan goşantlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, sergi bilen ugurdaş Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

TSTB-niň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, “Rysgal” gazeti, Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy bilen bir hatarda, jemi 11 gurama degişli bolup durýar.

Döredilen gününden häzirki wagta çenli TSTB-niň agzalarynyň sany 24 müňden geçdi.