"HMD Global" kompaniýasy "Nokia 5310" XpressMusic telefonyny dikeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
"HMD Global" kompaniýasy "Nokia 5310" XpressMusic telefonyny dikeldýär
"Nokia 5310" martyň ahyrynda takmynan 42 dollardan elýeterli bolar. (Surat: HMD Global)

"Nokia" brendi bilen smartfonlary çykarýan ýeke-täk kärhana bolan "HMD Global" kompaniýasy täze funksional "Nokia 5310" telefony bilen tanyşdyrdy. Bu nusga "Nokia Originals" öýjükli telefonlaryň täze agzasydyr.

Penşenbe güni fin kompaniýasynyň ýaýradan metbugat beýanatyna laýyklykda "Nokia 5310" baryp 2007-nji ýylda çykarylan nusgawy "Nokia 5310 XpressMusic" telefonlarynyň täzelenen görnüşi bolup durýar. Täze nusganyň bezegi öňki telefonyňky ýaly gara we ak reňkler gyzyl reňki bilen sazlaşýar, onuň aýdym-sazy aýtdyrmak we sesi sazlamak üçin ýörite düwmeleri bardyr.

2G-ni göterýän, ýagny öýjükli internetsiz gymmat bolmadyk bu enjam "Series 30+" öýjükli operasion ulgamda işleýär, 2,4 dýumly displeý bilen üpjün edilendir. Onuň 8 MB-lyk dessin ýatda saklaýjysy, 16 MB-lyk ýady, 32 GB çenli SD kartalar üçin sloty, öňünde ikili stereodinamikleri, FM radiosy we bir aýa çenli işläp bilýän sygymlylygy 1200 mAh bolan akkumulýatory bar.

Kompaniýanyň mälim etmegine görä, "Nokia 5310" martyň ahyrynda takmynan 42 ABŞ dollaryndan satylar.

3310 we 8110 ýaly nusgalardan soň bu "HMD Global"-yň gaýtadan dikelden üçünji telefonydyr.

"HMD Global"-yň hasap etmegine görä, geçmişde öndürilen original telefonlar ösýän bazarlardaky adamlaryň, täze sanly nusgalaryň ýerine köneleri ulanmak isleýänleriň ýa-da dynç alýan, köçede işläp ýören ýa-da saz festiwalyna gatnaşýan wagty goşmaça enjam gerek bolan adamlaryň göwnünden turup biler.

Penşenbe güni HMD "Nokia 5.3" we "Nokia 1.3" ýaly orta derejeli we bujetli öýjükli telefonlary bilen bir hatarda, 5G-ni göterýän öz ilkinji telefony bolan "Nokia 8.3" 5G bilen tanyşdyrdy.

Nokia telefonlaryna bolan ygtyýarnamany alyjy "HMD Global"-yň merkezi edarasy Finlýandiýanyň Espoo şäherinde ýerleşýär we esasan-da "Nokia"-nyň öňki ýolbaşçylary tarapyndan dolandyrylýar.