“Mawy Kenar” Hazaryň kenarynda arassalaýyş işlerini geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Mawy Kenar” Hazaryň kenarynda arassalaýyş işlerini geçirýär
2018-nji ýylyň fewralynda “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu bilelikdäki kompaniýa bug generatorlaryny we dizel generatorlaryny ulanmak bilen nebit bilen hapalanan ýerleriň arassalaýyş işlerini geçirýärler. “Mawy Kenar” kärhanasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynda gülleýän ösümlikleri peýda bolar.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda kärhana Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen zyýanlanan ýerlerde arassalaýyş işlerini geçirer. Şertnama 15 ýyl möhlet bilen baglaşyldy.

Kärhanana öz arassalaýyş işlerine Hazar şäherinde başlap, ol ýerde taslama üçin niýetlenen önümçilik bazasyny gurdy. “Mawy Kenar” öz işinde Germaniýanyň “DBRgazarmaturenGmbH”, Finlandiýanyň “Steamrator” we Russiýanyň “NewGreenTechnology” kompaniýalarynyň öndürýän enjamlaryny ulanýar. Häzirki wagtda enjamlary gurnamak işleri gurnalyp, nebit bilen zyýanlanan ýerleriň arassalaýyş işleri başlandy.

“Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylda “Gazyk”, “Hazar balyk” we Kanadanyň “Benel Technical Services” kompaniýalary tarapyndan esaslandyrylandyr. Kärhanada 34 adam zähmet çekýär.