Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.
Mejlise gatnaşyjylar ähli ugurlar boýunça türkmen-rus döwletara strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we artýan depginini kanagatlanma bilen bellediler.
Mejlisiň barşynda Astrahan suw-ulag merkeziniň logistika mümkinçilikleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Olýa Halkara deňiz-söwda portunyň arasynda awtoparom gatnaşyklaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplaryň ünsi söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine çekildi, hususan-da dokma, himiýa we azyk önümleriniň üpjünçiligine gyzyklanma bildirildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň bazaryna Astrahan oba-hojalyk öndürijileriniň önümlerini çykarmak, Astrahan oblastyny bolsa, Türkmenistanda öndürilen magdan däl materiallar we dokma harytlar bilen üpjün etmegi gurnamak meseleleri babatda pikir alyşdylar.
“Türkmenistan Hazar sebitinde Astrahan oblastynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Biziň ykdysadyýetlerimiz biri-biriniň üstüni ýetirýär” diýip, Astrahan oblastynyň senagat we tebigy serişdeler ministri Denis Afanasýew belledi.
Onlaýn mejlisiň ahyrynda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly geçirilýän işlere kanagatlanma bildirip, taraplar türkmen we astrahan işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine seretdiler.
Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşi 2019-njy ýylda döredildi. Geňeşiň birinji mejlisi geçen ýyl Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi.