Türkmenistan bilen Singapuryň arasynda 2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda gol çekilen goşa salgyt salynmagyny aradan aýyrmak şertnamasy (DTA) 2020-nji ýylyň 30-njy aprelinden güýje girdi. Bu barada Singapuryň esasy salgyt gullugy bolan Içerki girdeji gullugy (IRAS) penşenbe günki metbugat beýanatynda ýazdy.
Beýanata görä, DTA iki ýurduň arasyndaky söwdany we maýa goýumlaryny ösdürer. Şeýle-de serhetara işewürlikden gelip çykýan girdeji akymlaryndan alynýan salgyt töleglerini peselder we iki ýurduň ýurisdiksiýasynyň goşa salgyt salmagyny azaltmak üçin salgyt hukuklaryny kesgitlär.
DTA geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura eden iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde gol çekildi. DTA-dan başga-da iki Ylalaşyga, şol sanda diplomatik, resmi ýa-da gulluk pasportlaryna eýe bolan raýatlaryň wiza talabyndan ikitaraplaýyn boşadylmagy hakyndaky Ylalaşyga hem-de hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilipdi.
Goşa salgyt salynmagyny aradan aýyrmak şertnamasy (DTA) iki ýa-da has köp ýurduň arasynda girdejilere we emläklere goşa salgyt salmazlyk üçin baglaşylan şertnamalardyr. DTA-nyň esasy maksady salgyt töleýjileriň deň hukuklaryny we howpsuzlygyny üpjün etmekden, salgyt salynmagyndan boýun gaçyrmagyň öňüni almakdan we söwda netijeliligini höweslendirmekden ybaratdyr.