Tom Kruz, NASA we “SpaceX” kosmosda film ýazgy etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tom Kruz, NASA we “SpaceX” kosmosda film ýazgy etmegi meýilleşdirýär
Filmi Halkara älem stansiýasynyň bortunda düşürmek meýilleşdirilýär. (Surat: NASA)

Golliwudly aktýor Tom Kruz amerikan telekeçisi Ilon Maskyň kompaniýasy bilen bilelikde taryhda älemde düşürilen ilkinji çeper filmi döretmek boýunça NASA bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada “Businessinsider” habar berýär.

NASA-nyň başlygy Jim Braýdenstaýn älemde film düşürmek üçin agentligiň Kruz bilen işleşjekdigini tassyklady.

“Halkara älem stansiýasynyň bortunda film düşürmek üçin NASA Tom Kruz bilen uly höwes bilen işlär. Meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň inženerleriň we alymlaryň täze neslini NASA-nyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin ruhlandyrmagy biz üçin zerurdyr” diýip, Braýdenstaýn sosial ulgamlarda ýazypdyr.

Ilon Maskyň bellemegine görä, “SpaceX”-yň ýazga gatnaşmagy “has hezil bolar”.

Taslama Ýeriň çäginden daşary ilkinji çeper filmi döretmek üçin “SpaceX” hususy kompaniýasynyň, NASA hökümet guramasynyň we golliwudly aktýor Tom Kruzuň arasyndaky üç taraply hyzmatdaşlykdyr.

Russiýa häzirki wagtda adamlary älem stansiýasyna äkitmäge we yzyna getirmäge ukyply ýeke-täk ýurtdyr.

Emma “SpaceX” raýatlary äleme çykarmak üçin hem tagalla edýär. Şu maksat bilen kompaniýa 27-nji maýda ilkinji gezek adamlary äleme çykarmagy meýilleşdirýär.

Täze filmiň “Ýerine ýetirip bolmaýan missiýa” filmleriniň seriýasynyň bölegi bolmajakdygy bellenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022