Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmakçy
Häzirki wagtda BSG dünýäniň 164 döwleti agza bolup, 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär.

Dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bütindünýä söwda guramasynda synçy bolmak baradaky Türkmenistan tarapyndan kabul edilen çözgüt muňa şaýatlyk edýär. Bu dünýä ykdysadyýetiniň gatlaryna aralaşmak boýunça ilkinji we örän wajyp ädimdir.

2019-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen ýurduň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Ädilýän ädimler BSG-a girmegiň Türkmenistanyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigi, ykdysadyýetiň ähliumumy meýline gabat gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Ykdysadyýetçileriň halkara birleşmesiniň utgaşdyryjy geňeşiniň agzasy Ýuriý Aronskiýiň “sng.today” saýtynda belleýişi ýaly, häzirki wagtda dünýäde ýüze çykan belli bir kynçylyklara garamazdan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ägirt uly kuwwaty bar. “Ýurt halkara guramalaryň, şol sanda BSG-niň çäklerinde alyp barýan işleriniň gerimini barha giňeltdi”.

Döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly ykdysady-hukuk binýadynyň emele gelmegi içki maliýe-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de geçirmek maksady bilen milli kanunçylyk binýadynyň we onuň ulanylyş tejribesiniň kämilleşmegine ýardam eder.

Ykdysady netijeleri saklamak we ýokarlandyrmak maksady bilen ýurduň döwlet edaralary sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagy, ýagny, ykdysady ulgamyň ähli pudaklarynda häzirki zaman usulyýetleriň ulanylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykardy. Bu çemeleşmeler senagat-çig maly ulgamyň ýokary tehnologik ösüşine saldamly geçmäge kömek etdi.

Mysal hökmünde geçen ýylda durmuşa geçirilen iri taslamany getirmek bolar. Türkmenistanda dünýäniň energiýa önümçiliginde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod açyldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly pul serişdeleri gönükdirildi. Taslamanyň bahasy $1.7 milliard, iş bilen üpjün etmek ukyby – 700 adam. Zawod ýylda 600 müň tonna ýokary hilli benzini öndürýär.

Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depgini saklaýandygyny bellemeli. Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň görkezijileri üýtgemän 6.3% derejede saklanýar. Ýylyň başyndan bäri oba hojalykda ösüş – 3.1%, söwdada – 11.1%, ulag we aragatnaşyk pudagynda – 10% we hyzmatlar ulgamynda – 7% boldy.

Ýangyç-energetika toplumy hem gowy görkezijilere eýedir: nebit we gaz kondensatyny gazyp almak boýunça meýilnama 109.7%, nebiti gaýtadan işlemek boýunça – 107%, benzini öndürmek boýunça – 103.5%, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 107.2% ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnamalaýyn tabşyrygyň ýerine ýetiriliş derejesi 135.5%-den, tebigy we ugurdaş gazyň gazylyp alynmagy – 106.1%-den we “mawy ýangyjyň” eksporty – 104.2%-den ybarat boldy.

Ýanwar-fewral aýlarynyň jemi boýunça bölek söwda dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19.3%, daşary söwda dolanyşygyňky bolsa – 3.8% ýokarlandy.

Häzirki wagtda täze ýokary tehnologik önümçilikleriniň döredilmegine, esasy gaznalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalaryň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegine maýa goýulýar.

Türkmenistanyň BSG-a girmeginiň netijesinde häzirki şertlerde ýurduň dünýä söwda-ykdysady ulgamyna yzygiderli aralaşmagynyň bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň, onuň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýändigini nygtamaly.

Şeýlelik bilen, BSG bilen özara hereketi täze derejä çykarmak we bu guramada synçy derejesini almak boýunça ädilýän ädimler Türkmenistana diňe bir ähliumumy işlere işjeň gatnaşmaga däl, eýsem öz artykmaçlyklaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

Şu ýylyň maý aýynda türkmen Lideri BSG boýunça hökümet toparynyň teklibini goldady we “Synçy hökmünde Türkmenistanyň BSG-a goşulmagy hakyndaky” Karary tassyklady. Kabul edilen resminamanyň esasynda türkmen diplomatlary tarapyndan BSG-nyň ýolbaşçysy Robert Azewedunyň adyna synçy hökmünde şu gurama girmek baradaky hat ugradyldy.

BSG dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we bu ugurda halkara kadalaryny düzmek hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr. Häzirki wagtda BSG dünýäniň 164 döwleti agza bolup, 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022