ÝTÖB maliýe serişdelerini dolandyrmaga bagyşlanan onlaýn okuwyny dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB maliýe serişdelerini dolandyrmaga bagyşlanan onlaýn okuwyny dowam edýär
ÝTÖB “Akademiýa nou-hau” onlaýn okuw platformasynda ähli isleg bildirýänler üçin okuwlary tölegsiz esasda geçirýär.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) “Akademiýa nou-hau” onlaýn okuw platformasynda kiçi we orta kärhanalar üçin onlaýn okuw-konsultatiw maksatnamasynyň ikinji tapgyryna badalga berdi. Bu barada ÝTÖB resmi internet sahypasy habar berýär.

Ikinji tapgyr “Çökgünligiň dolandyrylyşy: maliýe menejmentiniň esaslary” atly mowzuk esasynda geçiriler.

Bu tapgyryň maksady kiçi kärhanalara çökgünlige garşy işjeň durmakda ýörite niýetlenen maliýe bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem alnan bilimleri tejribede durmuşa geçirmekde ýardam berjek amaly gurallar bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Tapgyryň mazmuny maliýe dolandyryşyň üç esasy bölegine gönükdiriler:

  1. Kärhananyň maliýe ýagdaýyna nädip düşünmeli;
  2. Töwekgelçiligi dolandyrmagy içine almak bilen amaly meýilnamalaşdyrmak bilen integrirlenen maliýe meýilnamlaşdyryş we çözgütleri kabul etmek;
  3. Maliýe görkezijileri gowulandyrjak hereketleri amala aşyrmak (çykdajylary, girdejileri we pul akymyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly anyk hereketler).

ÝTÖB-niň habar bermegine görä, bu tapgyryň netijesinde oňa gatnaşyjylar:

  • Telekeçilikde esasy pul akymyny we olaryň iň gowşagyny kesgitläp bilerler;
  • Telekeçiligiň çökgünlikden öňki, wagtyndaky we soňky maliýe ýagdaýlaryna baha berip bilerler;
  • Çökgünlik döwründe ýüze çykyp biljek ýaramaz täsirlere telekeçiligiň gowşaklygyny bahalandyrmak üçin stres synagyny geçirip bilerler;
  • Telekeçilik çözgütlerini kabul etmek üçin maliýe we amaly meýilnamalaşdyrmagyň hem-de töwekgelçiligi dolandyrmagyň gurallaryny ulanyp bilerler;
  • Çökgünlik döwründe çykdajylary tygşytlamagyň we çäklendirmegiň ýerlerini kesgitläp bilerler.

“Akademiýa nou-hau” onlaýn okuw platformasynda okuwlar ähli isleg bildirýänler üçin tölegsiz esasda geçirilýär. Türkmenistanda bu başlangyjy Ýewropa Bileleşigi maliýeleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022