Türkmen kompaniýasy 1200 tonna pomidor almaga niýetlenen täze ýyladyşhana açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy 1200 tonna pomidor almaga niýetlenen täze ýyladyşhana açdy
“Halal Dogan” hususy kärhanasy bäş gektar ýyladyşhanasynda pomidoryň ýylda 1200 tonnasyny almagy meýilleşdirýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda şenbe güni “Halal Dogan” hususy kärhanasyna degişli täze ýyladyşhananyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýyladyşhana “Dört paslyň berekedi” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Kompaniýa bäş gektar ýyladyşhanada Türkiýeden getirilen bandito pomidor görnüşini ekip, ondan ýylda 1200 tonna hasyl almagy meýilleşdirýär.

“Halal Dogan” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdiýewiň “Türkmenistan” gazetine beren söhbetdeşliginde ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen ýaşlaryň 40-dan gowragyna täze iş orunlaryň döredilendigini aýtdy.

“Häzirki wagtda önümlerimizi ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ýerleşdirýäris. Geljekde daşary ýurtlara çykarmak meýlimiz hem bar” diýip, Berdiýew belledi.

Geljekde kompaniýa ýyladyşhananyň gapdalyndan bäş gektar ýerde ýene-de bir ýyladyşhana gurmagy maksat edinýär. Ol ýerde hem bulgar burçy, badamjan ýaly gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Işewür onuň gurluşygyny 2021-nji ýyla ýetişdirmegi meýilleşdirýär.

2022