Türkmenistan bilen Italiýanyň söwda dolanyşygy ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Italiýanyň söwda dolanyşygy ýokarlanýar
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýyl 83% artdy.

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Manlio di Stefanonyň gatnaşmagynda 19-njy iýunda türkmen-italýan işewürlik forumynyň resmi däl onlaýn maslahaty geçirilipdi, duşenbe güni bolsa, italýan ilçihanasy täze işewürlik maglumatnamasyny çap etdi.

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ungaronyň maglumatnamada ýazmagyna görä, Italiýanyň statistika baradaky institutynyň (ISTAT) şu ýylyň mart aýynda çap eden maglumaty 2019-njy ýylda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn söwdanyň 2018-nji ýyla garanyňda 83% artyp, 143 million ýewro deň bolandygyny görkezýär.

Hususan-da, Italiýanyň Türkmenistana eksporty 53.1 milýon ýewro barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde Italiýa 90.4 milýon ýewro barabar türkmen harydyny import etdi.

ISTAT tarapyndan habar berlen esasy eksport önümleri elektrik enjamlaryndan (17.7 million ýewro), tehnikalardan (14.2 million ýewro) hem-de rezin we plastmassa önümlerinden (8.4 million ýewro) ybarat boldy. Importyň bahasy bilen baglanyşykly görkezijiler Italiýanyň esasan arassalanmadyk (71.7 million ýewro) we arassalanan (14.7 million ýewro) energiýa önümlerini satyn alandygyny görkezýär. Şeýle hem bu ýurt Türkmenistandan dokma önümlerini (2 million ýewro) we himiýa serişdelerini (1.6 million ýewro) import etdi.

Global COVID-19 pandemiýasy 2020-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda hem ýaramaz täsirini ýetirdi. ISTAT-yň deslapky maglumatlary 2020-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ikitaraplaýyn söwdanyň takmynan 10.4 million ýewro deň bolandygyny görkezýär. Şol döwürde Italiýa Türkmenistana 8.9 million ýewro möçberinde önümleri eksport etdi we 1.5 million ýewro möçberinde önümleri import etdi.

2022