Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdy
Döwlet gümrük gullugy şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ASYCUDA World” ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirmäge doly başlady.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça taslamanyň häzirki wagtda ilkinji tapgyry işe girizildi.

Döwlet gümrük gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu taslama “Asman oky” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde amala aşyrylýar. Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda ulgamy gurnamak hem-de işe girizmek işleri geçirildi.

Ilkinji tapgyryň netijelerinde Gullukda iş dolanyşygyny amatly gurnamak üçin oňyn mümkinçilik döreýändigi we işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtynyň birnäçe esse azalandygy görüldi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1991-nji ýylyň noýabrynda döredildi we gulluk 1993-nji ýylda Bütindünýä gümrük guramasyna agza boldy. Häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy alty gümrükhanadan we 51 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr.

Döwlet gümrük gullugy şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurduň gümrük edaralarynda amallary “ASYCUDA World” ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirmäge doly başlady.

2022