Türkmen kompaniýasy akkumulýatorlary galyndysyz öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy akkumulýatorlary galyndysyz öndürýär
“Kökçi” hojalyk jemgyýeti bütinleý galyndysyz önümçiligi ýola goýdy.

“Kökçi” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda 2016-njy ýylda ilkinji bolup ikinji derejeli çig maldan (ozal ulanylan akkumulýatorlardan) hususy akkumulýator önümçiligini ýola goýupdy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti şenbe güni habar berdi.

Kärhananyň ýolbaşçysy Kakajan Rejepowyň aýtmagyna görä, kärhanada ýeňil we ýük awtoulaglary üçin dürli kuwwatlykly akkumulýatorlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Önümçilik üçin gerekli çig mal könelen kislota batareýalaryny gaýtadan işlemek arkaly alynýar. Şeýle hem ýerli propilenden akkumulýatorlaryň daşky gabynyň önümçiligi ýola goýuldy.

“Dünýä öndürijileriniň döwrebap tehnologiki enjamlaryny ulanmak bilen biz bütinleý galyndysyz önümçiligi ýola goýduk” diýip, Rejepow nygtady.

“Häzirki wagtda kompaniýa “Kuwwat”, “Ýyldyrym” we “TM Power” haryt nyşanly akkumulýatorlary Owganystana eksport edýär. Şeýle-de Türkiýe we Özbegistan bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy” diýip, Rejepow sözüniň üstüni ýetirdi.

Kompaniýanyň önümçilik kärhanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýär we onda 100 golaý hünärmen zähmet çekýär.

2022