Türkmenistanda täze onlaýn-hyzmat salgytlary tölemegi ýönekeýleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze onlaýn-hyzmat salgytlary tölemegi ýönekeýleşdirer
Ikinji tapgyrda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça karz edaralary bilen degişli işleri geçiriler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň we ministrlige degişli beýleki edaralaryň resminama dolanyşygyna “Elektron salgyt” ulgamy girizilýär diýip, TDH habarlar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ulgamyň esasy maksady salgyt töleýjilerden salgyt jarnamalaryny almagyň elektron görnüşine geçmekden ybaratdyr, munuň özi bir tarapdan hasabatlary bermek ulgamyny ýeňilleşdirer, beýleki tarapdan salgyt tölegleriniň ýygnalyşyna gözegçiligi güýçlendirer, ýurdumyzyň döwlet býujetine salgyt töleýjileriň bergileri barada olary habardar etmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, “Elektron salgyt” ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen salgyt töleýjileri degişli edaralara çagyrmazdan, salgyt jarnamalary (hasaplamalary) we beýleki resminamalaryň esasynda kameral barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu işleriň ikinji tapgyrynda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça karz edaralary bilen degişli işleri geçiriler. Munuň özi salgytlary tölemegiň onlaýn-hyzmaty usulyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap Maliýe we ykdysadyýet ministrligi öz Merkezi edarasynda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliklerinde, şeýle hem beýleki ähli degişli düzümlerinde elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrdy.