“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda dürli kuwwatly split ulgamlaryny, öýjükli telefonlary, smartfonlary, kompýuter monobloklaryny, 65 dýumlyk “Smart LED” telewizorlaryny ýygnap düzmek işlerine başlamagy meýilleşdirýär.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýa sowadyjylaryň we suw sowadyjylarynyň (kulerleriň) önümçiligini hem meýilleşdirýär.
Elektronika we tehnologiýalar merkezi ozalky Aşgabat şäheriniň “Türkmenkabel” kärhanasynyň çäginde açylypdy. Bu ýerde öndürilýän elektron hem-de elektrotehnika önümleri içerki bazara, şeýle hem eksport üçin niýetlenendir diýlip, habarda aýdylýar.
Hojalyk jemgyýeti şu ýylyň iýun aýynda alyjylara “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly telewizorlary alyjylara hödürledi.