“Miweli oba” HJ miwe şireleriniň önümçiligini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Miweli oba” HJ miwe şireleriniň önümçiligini giňeldýär
“Tetra Pak” kompaniýasynyň iň täze enjamlary ýylda 20 million litre çenli miwe şirelerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Miweli oba” hojalyk jemgyýetine (HJ) degişli miwe şiresini öndürýän kärhanada her sagatda bu içgileriň 9 müň litri öndürilýär. “Tetra Pak” kompaniýasynyň iň täze enjamlary ýylda 20 million litre çenli miwe şirelerini öndürmäge mümkinçilik berýär diýip, “Türkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Kärhana işe girizilen wagtynda bu ýerde “8 Ýap” haryt nyşanly miwe şireleriniň diňe 9 görnüşi öndürilýän bolsa, häzirki wagtda olaryň görnüşi has-da artdyrylyp, “Saba” we “Raý” haryt nyşanly şireleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Bu ýerde almadan, ananasdan, erikden, gara smorodinadan, nardan, pyrtykaldan, şetdalydan, üljeden we beýleki tropiki miwelerden şireli içgiler, şeýle hem pomidor içgisi öndürilip, 1 litrlik gaplara gaplanýar.

Şeýle hem kärhana geljekde önümçilik işinde zerur bolan çig maly özbaşdak taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, kärhana bölünip berlen ýer böleginiň 36 gektarynda miweli baglar ekildi.

“Miweli oba” HJ eýýäm 6 ýyldan bäri türkmen bazaryna öz önümlerini çykarýar.

2022