Daşoguz welaýatynda hususy ýyladyşhanalaryň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda hususy ýyladyşhanalaryň sany artýar
Ýyladyşhana toplumynda ýylda 3 müň tonna gök önüm ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde dürli kuwwatlykly we ugurly ýyladyşhana toplumlarynyň sany artýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabynyň “Döwletli” daýhan birleşiginiň çäginde “Atamyrat Arslan” hususy kärhanasy uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin bölünip berlen bäş gektar ýeriň üç gektarynda gök-bakja ekinlerini, hususan-da, pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana toplumynyň gurluşygyny alyp barýar. Häzirki wagtda bu ýerde ýörite enjamlaryň gurnama işlerine girişildi.

Şeýle hem bu etrabyň “Magtymguly” daýhan birleşiginiň çäginde “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasy öz ýyladyşhana toplumyny gurýar. Tapgyrlaýyn gurulýan täze desganyň tutýan meýdany ýedi gektara barabardyr.

Geçen ýylyň ahyrynda welaýatyň S.A.Nyýazow etrabynyň çäginde “Altyn tug” hususy kärhanasy tutýan meýdany 12 gektara deň bolan ýyladyşhana toplumyny işe girizdi. Toplumda ýylda 3 müň tonna gök önüm ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar.