BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň guramagynda (ESKATO) 22-23-nji sentýabr aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly ulag we daşky gurşawy goramak ulgamynda bilermenler toparynyň iki günlük maslahaty geçirildi. Sebitde ulaglaryň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirini peseltmek maslahatyň esasy meselesi boldy.
ESKATO-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahatyň barşynda Komissiýanyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ony ulag we ekologiýa babatda Durnukly ösüşiň maksatlarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak, ilerletmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata türkmen tarapyndan “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ulag pudagynyň paýyna dünýäde umumy sarp edilýän nebitiň 51,9 göterimi hem-de bölünip çykýan kömürturşy gazynyň 13,5 göterimi düşýär.