Merkezi Aziýanyň energetika ulgamy pandemiýadan soň ykdysady ösüşi ýokarlandyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň energetika ulgamy pandemiýadan soň ykdysady ösüşi ýokarlandyrar
Merkezi Aziýa döwletlerinde tebigy energiýa çeşmeleriniň uly bölegi bardyr.

Elektrik energiýasynyň söwdasy Merkezi Aziýa döwletleriniň pandemiýadan soňky döwürde ykdysady ösüşini täzeden dikeltmäge hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döreder diýip, “UzDaily” habar agentliginiň seljermesine salgylanyp, “ORIENT.tm” sişenbe güni habar berdi.

Neşiriň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň energetika ulgamynyň modelirlemegi boýunça geçirilen seljermeleriň netijelerine görä, sebit özüniň amal çykdajylaryny geljek 10 ýylyň dowamynda 6,4 mlrd. amerikan dollaryna çenli peseldip biler. Mundan başga-da, CASA-1000 we Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan (TUTAP) taslamalarynyň işe girizilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan hem-de Pakistan bilen energetika pudagynda söwdasyny artdyrar. Bu bolsa ýene 2,6 mlrd. amerikan dollaryna çenli girdeji getirer.

Haçanda goňşy döwletleriň energiýa ulgamlarynyň dolandyryjylary elektrik energiýasyny geçiriji torlaryň özara baglanyşykly infrastrukturasyndan netijeli peýdalananda bu hakykata öwrülip biler diýip, makalada aýdylýar. Häzirki wagtda bu energiýa ulgamlary bitewi etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bellenilişi ýaly, soňky on ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň JIÖ-niň ösüş depgini ortaça 5% deň bolup, nebitiň hem-de gazyň bahasynyň peselmegi we migrantlaryň pul geçirimleriniň möçberiniň azalmagy netijesinde sebit ykdysadyýetiniň ösüş depgini haýallady. Mundan başga-da, häzirki wagtda COVID-19 pandemiýasynyň döwründe hem Merkezi Aziýa döwletleri ykdysady kynçylygy başdan geçirýär.

Maglumata görä, pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe ykdysady ösüşi goldamak maksady bilen, täze ykdysady ösüşiň ugurlary anyklanylmalydyr. Şeýle ugurlaryň biri hem energetika ulgamydyr.

“UzDaily.uz” neşirinde nygtaýşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletlerinde tebigy energiýa çeşmeleriniň uly bölegi bardyr. Täjigistan we Gyrgyzystan gidroenergetika ulgamynda uly kuwwata eýedirler, Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda kömüriň, tebigy gazyň we nebitiň uly gorlary bardyr. Şeýle-de sebit heniz işlenilmedik gün hem-de ýel energiýasyna bolan kuwwata eýedir. Bu çeşmeleriň özleşdirilmegi ýurtlaryň ösüş we arassa energiýa çeşmelerine geçiş maksatnamasynyň bir bölegi bolup biler.

Ozal bellenilişi ýaly, Türkmenistan diňe bir nebitgaz çeşmeleriniň uly bölegine eýe bolman, eýsem sebitde iri elektrik toguny öndürijileriň biridir. Ýurtda ABŞ-nyň “General electric” kompaniýasynyň ýokary netijeli gaz turbinalary oturdylan elektrik stansiýalaryň tory guruldy.

2022