Daşary ýurt telekeçileri türkmen nah ýüplügini satyn alýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt telekeçileri türkmen nah ýüplügini satyn alýarlar
Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri 22 million 328 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen söwdalarda daşary ýurt puluna amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 10 million 344 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDH-nyň şenbe güni habar berşi ýaly, owganystanly telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit koksyny, özbegistanly işewürler polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, trikotaž matalary, nah matany we ýüplügi satyn aldylar.

Biržanyň söwdalarynda manat serişdelerine Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri 22 million 328 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022