“Agzybirlik Tilsimaty” döwlet söwda nokatlaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Agzybirlik Tilsimaty” döwlet söwda nokatlaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün edýär
“Agzybirlik Tilsimaty” Türkmenabat şäherinde ýokary tehnologiýaly elektrotehniki enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

“Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň hünärmenleri Aşgabadyň söwda kärhanalarynyň awtomatizasiýasyny tamamladylar.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, paýtagtymyzyň döwlet söwda nokatlarynyň 145-si döwrebap sanly enjamlar – POS-terminallar, ştrihkod-skanerleri, ştrihkod-printerleri, çek-printerleri we pul gaplary bilen üpjün edildi.

Bellenilişi ýaly, müşderilere hyzmat etmek üçin bilelikdäki kärhananyň häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan paýtagtymyzyň ähli döwlet dükanlaryny awtomatlaşdyrylan söwda hasabat ulgamyna geçirmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynda häzirki wagtda köp sanly elektron enjamlaryny – noutbuklaryň, planşetleriň, monobloklaryň, şahsy kompýuterleriň prototiplerini we hatda serwerler ýaly çylşyrymly ýöriteleşdirilen programma-enjam toplumlaryny öndürmegiň üstünde işleýär.

Şeýle-de islegiň artmagyny nazara alyp, kärhana Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýokary tehnologiýaly elektrotehniki enjamlaryň önümçiligini hem ýola goýmagy meýilleşdirýär.

“Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy ýurdumyzda kompýuter we elektron tehnikalaryny öndürmek maksady bilen, 2018-nji ýylda döredildi. Kompaniýa “Microsoft” we “Intel” ýaly transmilli korporasiýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

2022