Dokma senagaty: ýokary ösüş depgini

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dokma senagaty: ýokary ösüş depgini
2025-nji ýyla çenli dokma senagaty pudagynda taslamalarynyň 30-syny amala aşyrylmak üçin 300 million ABŞ dollardan gowragyny gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Dokma senagaty Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudak iň depginli ösýänleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagyna we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine 2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýum gönükdirildi. Häzirki wagtda dokma önümçiligine degişli 70-den gowrak kärhana, şol sanda iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokmaçylyk önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi ilkilenç gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.

Bar bolan önümçiliklerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokarytehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr. Olar: “Rieter”, “Benninger” (Şweýsariýa), “Trützschler”, “Schlafhorst”, “Zinser”, “Monforst”, “Küsters” (Germaniýa), “Marzoli”, “Mario Crosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio” (Italiýa), “Tsudakoma”, “Juki”, “Muratec” (Ýaponiýa), “Picanol” (Belgiýa) we beýlekiler.

Daşary ýurtly kompaniýalar we halkara maliýe edaralary bilen üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň dokma senagatynyň mundan beýläk ösdürilmegini üpjün edýär. Daşary ýurtly kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döwrebap dokma toplumlarynyň 13-si işe girizildi. Bu kärhanalarda halkara hil standartlaryna, menejment we marketing talaplaryna kybap gelýän önümçilikler ýola goýuldy. Pudagyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, iň soňky tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap dokma toplumlarynyň ikisiniň gurluşygy dowam edýär. Desgalarda egriji, dokmaçylyk, reňk beriji we tikinçilik önümçilikleri ýola goýlar. Çig mal hökmünde Türkmenistanda ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen inçe süýümli pagta ulanylar.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagyň kärhanalaryndaky önümçilik-tehniki binýady täzelemek we içerki tebigy çeşmeleriň esasynda innowasion onümçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnama işlenilip taýýarlandy. Bu maksatnama amatly bahadan we ýokary hilli içerki önümleriň köpsanly görnüşleriniň öndürilmeginiň hasabyna daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer. 2025-nji ýyla çenli dokma senagaty pudagynda taslamalarynyň 30-syny amala aşyrylmak üçin 300 million ABŞ dollardan gowragyny gönükdirmek meýilleşdirilýär. Munuň hasabyna degişli döwrüň dowamynda haryt önümçiligiň möçberi 120% artdyrylar. Göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň dokma pudagynda bar bolan kärhanalaryň täzeden enjamlaşdyrylmagyna we täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriniň döredilmegine mümkinçilik berer.

Iri göwrümli maýa goýumlar diňe bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegine däl-de, eýsem  bar bolan kärhanalaryň esasynda ekologiki taýdan arassa önümleri öndürýän täze önümçilikleriň ondan gowragynyň döredilmegine gönükdiriler. Bu kärhanalarda “Spunlace” we “Spunbond” dokalmaýan materiallaryň önümçiligine, şeýle hem zenanlar üçin matalaryň täze görnüşleriniň önümçiligine badalga bermek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu ýerde sport lybaslar üçin ýokary hilli matalaryň önümçiligi üçin ýörite enjamlar ornaşdyrylar. Düýe we geçi ýüňini gaýtadan işleýän kärhana hem awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Aşgabat nah-mata kombinatynda sintepon önümçilik sehi işe girizildi. Şeýle hem, dürli tehnikalar üçin kemerleriň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Gypjakdaky dokma toplumynda rezinleriň önümçiligine, lukmançylyk pamygynyň önümçiligi boýunça Aşgabat fabriginde bolsa dokalmaýan matadan bir gezeklik agyz-burun örtükleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Aşgabadyň Mödeller öýi Ýaponiýanyň “Shima Seiki” kompaniýasynyň döwrebap örüm maşynlaryny satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu bolsa örülen harytlaryň görnüşleriniň giňelmegine getirer.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde dokma senagatynda işe girizilen täze önümçilik boýunça haryt dolanyşygynyň möçberi 1 milliard manatdan gowraga barabar bolar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak boýunça taslamanyň çäklerinde içerki bazaryň islegleri öndürilen önümler bilen kanagatlandyrylyp, 150 million ABŞ dollaryndan gowrak daşary ýurt serişdeleriniň tygşytlanmagyna mümkinçilik berler.

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olary ekologiki howpsuzluk talaplaryna gabat getirmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň dokma senagat önümçiliginde tebigy materiallaryň ulanylmagy dünýäniň dürli kärhanalaryna sargyt edýän halkara brendleri özüne çekýär. Türkmenistanyň öňdebaryjy dokma kärhanalaryň önümleri halkara derejede ykrar edilip, WRAP we OHSAS 18001 standartlaryna, ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifikatlaryna mynasyp boldular.

Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriň 80%-inden gowragy GDA, Ýewropa, Aziýa we beýleki ugurlara eksport edilýär. Türkmenistanyň dokma senagat önümleriniň esasy sarp edijileri hökmünde Türkiýe, Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ukraina ýaly ýurtlar çykyş edýärler. Harytlar dünýä ýurtlarynyň 15-sine iberilýär. 30-dan gowrak kärhana eksport edijiler bolup durýarlar. 2020-nji ýylyň 11 aýynda türkmen dokma önümleriniň 318,9 million ABŞ dollary möçberinde eksport edilmegi olaryň dünýä bazarynda ýaýramagynyň durnuklylygyny subut edýär.

Ýurdumyzyň dokma kärhanalary daşary ýurtlarda (Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Täjigistan, Koreýa, Türkiýe, Germaniýa) geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin tanyşdyryş saparlary we sergi çäreleri gurnaldy we şol çäreleriň netijesinde goşmaça eksport şertnamalaryna gol çekildi. Dokma önümlerini birža söwdalarynyň, söwda öýleriniň we elektron dükanlarynyň üsti bilen ýerlemek tejribesi ýola goýuldy.

Dokma senagaty ösdürmäge gönükdirilen çäreler pudagyň ösüş derejesini, türkmen dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam bererler.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti, 10.12.2020 ý.

2022