Aşgabatda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işi maslahatlaşyldy
Mejlise gatnaşyjylar “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslamalaýyn resminamany maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda şenbe güni “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidentiniň Fewral aýynyň 12-de gol çeken Karary bilen döredilen “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň düzümi hem-de degişli ministrlikleriň we edaralaryň jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.

Mejlisiň başynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler nygtaldy.

Şeýle hem, bu ugurda Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň çäklerinde, “ASYCUDA World” atly utgaşdyrylan maglumatlar ulgamynyň doly işe girizilendigi, taslamanyň ikinji tapgyrynda “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmakda ähmiýeti barada aýratyn bellenildi.

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslamalaýyn resminamanyň ähmiýeti, maksady, ony durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” Taslamasynyň amala aşyrylmagy boýunça taslama gatnaşyjy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, döredilen Işçi toparyň öňünde durýan anyk wezipeler kesgitlendi.

2022