“Sekiz bag” geçen ýyl 25 tonna künji hasylyny ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sekiz bag” geçen ýyl 25 tonna künji hasylyny ýygnady
Şu ýylky raps hasylyndan tohum almak, şeýle-de galan böleginden ýag öndürmek göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän “Sekiz bag” daýhan hojalygyna degişli meýdandan geçen ýyl künjiniň 25 tonna töweregi hasyly ýygnaldy.

“Sekiz bag” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Muhammet Ýemşikow özüne degişli ýerde gowaçadyr bugdaýyň, künjiniň, rapsyň, günebakaryň, waharman gawunlarynyň bol hasylyny ýetişdirýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Şu ýylky raps hasylyndan tohum almak, şeýle-de galan böleginden ýag öndürmek göz öňünde tutulýar. Daýhan hojalygynda ösümlik ýagyny öndürmek maksady bilen, Hytaýdan getirilen enjam hem ornaşdyryldy.

M.Ýemşikowyň aýtmagyna görä, geçen ýyl günebakaryň ak çigitli ýerli görnüşiniň irki ekilen 10 gektary iýulda, bugdaýyň yzyna ekilen giçki 10 gektary bolsa oktýabrda ýygnaldy. Alnan hasyl esasan, konditer önümçiliginde ulanylýar.

2021-nji ýylda ol 200 gektar meýdana bugdaý, 50 gektara raps, şeýle-de 170 gektara gowaça, 20 gektara künji, 20 gektara günebakar, 5 gektara gawun ekip, olardan hem bereketli hasyl almagy meýilleşdirýär.

Bulardan başga-da, “Sekiz bag” daýhan hojalygynda 5 gektar üzümiň, 5 gektar miweli bagyň düýbi tutulypdyr. Şeýle-de bu ýerde 30-40 baş iri şahly mala ideg edilýär.

2022