Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça täze möwsümde ýük gämi gatnawlary başlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça täze möwsümde ýük gämi gatnawlary başlaýar
“CMS A.Ş.” we “KARCI HOLDING” kompaniýalaryň täze ýük porty merkezde, ýagny Stambul Anadolu portynyň Pendik-Tuzla çäginde ýerleşýär.

Logistika pudagynda Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri “CMS A.Ş.” we “KARCI HOLDING” Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça deňiz ýük gatnawlary hyzmatlaryny bilelikde amala aşyrmak üçin müşderilere durnukly hem-de yokary derejeli hyzmat etmek maksady bilen ‘’Türkmenistan 2021 –nji ýyl Täze möwsümi” taýýarlyklaryny tamamlady.

“CMS A.Ş.” we “KARCI HOLDING” kompaniýalaryň täze ýük porty merkezde, ýagny Stambul Anadoly portynyň Pendik-Tuzla çäginde ýerleşýär. Ýükler deňiz ýük gämisiniň portdan ugraýan senesine garaşmazdan, kompaniýanyň ýapyk ammaryna we portdaky meýdançasyna iberilip bilner.

Ýük ugradylanda terminal tölegi, ulagyň garaşdyrylmagy bilen baglanşykly tölegleri, ýük düşürilende belli bir wagtyň geçmegi netijesinde tölenýän goşmaça tölegleri, ýükleriň saklanmagy, gaplanmagy ýaly hyzmatlaryň tölegleri, kanaldan geçiş salgydy ýaly tölegleri tölemezden portuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bolýar.

Türkiýeden Türkmenistana, Türkmenistandan Türkiýä ýük gämi gatnawlarynyň 2021-nji ýyl üçin Täze möwsüm gatnaw tertibi şu aşakdakylardan ybaratdyr:

  • KRC-001.TR-CMS ýükleriň kabul edilýän senesi: 2021-nji ýylyň 20-nji marty, Stambul şäheri.
  • Harytlaryň gämä ýüklenýän senesi: 25-nji martda sagat 09:00-da.
  • Meýilleşdirilen hereket senesi: 31-nji mart we 5-nji aprel aralygynda sagat 23:00-da.
  • Harytlary ýüklemegiň soňky möhleti: 31-nji martda sagat 19:00-da.
  • KRC-002.TM-CMS harytlary kabul ediş senesi: 2021-nji ýylyň 25-nji marty, Türkmenbaşy şäheri.
  • Harytlaryň gämä ýüklenýän senesi: 25-27-nji martda sagat 09:00-da.
  • Meýilleşdirilen hereket senesi: 31-nji mart we 3-nji aprel aralygynda sagat 23:00-da.
  • Ýükleri ýüklemegiň soňky möhleti: 31-nji martda sagat 19:00-da.
  • KRC-003.TR-CMS Harytlaryň gämä ýüklenýän senesi: 2021-nji ýylyň 5-nji apreli, Stambul şäheri.
  • Meýilleşdirilen hereket senesi: 10-12-nji aprel aralygynda sagat 23:00-da.
  • Ýükleri ýüklemegiň soňky möhleti: 10-njy aprelde sagat 19: 00-da.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +90 (216) 540 76 74, +90 (549) 578 85 28, +993 (65) 819960.

E-poçta: info@cmstrans.com.tr, info@cmstranstm.com

“CMS Trans Logistic” kompaniýasy 1986-njy ýylda döredilip, özüniň operator kompaniýalary we halkara çözgüt hyzmatdaşlary bilen amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň netijesinde dünýäniň 120 ýurdunyň 800 sany dürli nokatlarynda deňiz-derýa transport hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022