“Berk önüm” geçen ýyl 30 müňe golaý skoç öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Berk önüm” geçen ýyl 30 müňe golaý skoç öndürdi
Kärhanada ini 12 millimetrden başlap 500 millimetre çenli, uzynlygy bolsa 5 metrden başlap 400 metre çenli skoçlaryň dürli görnüşleri öndürilýär.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän “Berk önüm” hususy kärhanasynda 2020-nji ýylda 30 müňe golaý ýelim gatlakly polietilen lentalary (skoç) öndürildi we içerki bazara ýerlendi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanylan sergide kompaniýanyň direktory Pälwan Babaýew “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde kärhananyň önümleri bilen tanyşdyryp, kompaniýanyň uly, kanselýariýa we ýazgyly skoçlary öndürýändigini aýtdy.

Pälwan Babaýewiň bellemegine görä, kärhanada ini 12 millimetrden başlap 500 millimetre çenli, uzynlygy bolsa 5 metrden başlap 400 metre çenli skoçlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de olaryň galyňlygy 50 mikrona barabardyr.

Hytaýdan gelen häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen kärhana doly awtomatlaşdyryldy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 62 müň 400 sany skoç önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de kärhananyň önümçiliginde 60% ýerli çig mal ulanylýar.

Geljekde “Berk önüm” skoç üçin akrilik kleýini öndürmegi, önümçilik depginini iki esse artdyrmagy hem-de bahalary düşürip, sarp edijilere hödürlemegi maksat edinýär. Şeýle-de kärhana Owganystana, Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

“Berk Önüm” hususy kärhanasy 2014 ýylyň 8-nji dekabrynda açylyp, ol ýerde 15-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Mundan başga-da, “Berk önümiň” awtoulag süzgüji öndürýän kärhanasynda ýag we howa filtrleri öndürilýär.