Fransuz işewürleri Türkmenistanda oba hojalyk taslamalaryna gatnaşmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransuz işewürleri Türkmenistanda oba hojalyk taslamalaryna gatnaşmaga taýýar
Fransuz kompaniýalary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwaty bilen tanyşdyryldy.

Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diplomatik wekilhanalary tarapyndan çarşenbe güni bilelikde guralan ýörite onlaýn okuw maslahatynyň barşynda fransuz işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän geljegi uly oba hojalyk taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, türkmen tarapyndan onlaýn okuw maslahatyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.

Fransuz tarapyndan oba hojalyk pudagynda işleri amala aşyrýan iri kompaniýalaryň 35-e golaýy gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwaty, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri hem-de milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Onlaýn maslahatyň dowamynda ýyladyşhana hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugur boýunça aýratyn okuw maslahatyny guramagy ylalaşdylar. Şeýle hem fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda guralýan giň gerimli oba hojalyk sergilerine gatnaşmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew we Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasynyň direktory Filipp Gautier şu ýylyň fewral aýynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.

Fransuz hususy pudagyna halkara derejesinde wekilçilik edýän “MEDEF International” 1989-njy ýylda döredilip, ol döwlete dahylsyz guramadyr. MEDEF ähli ugurlara degişli 800 müň kompaniýany birleşdirýär.