Türkmen telekeçisi 8 tonna hyýar hasylyny ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi 8 tonna hyýar hasylyny ýygnady
Telekeçiniň ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda bolsa bulgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär.

Telekeçi Baýpolat Ergeşow geçen ýyl Lebap welaýatynda ýerleşýän özüne degişli ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdiren hyýaryň bol hasylyny ýygnap, diýarymyzyň içerki bazarlaryny onuň 8 tonnasy bilen üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýyladyşhanalaryň 12-sinde pomidor, 5-sinde hyýar, galanlarynda bolsa bulgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär.

Şeýle hem, 2021-nji ýylda pomidoryň 1 tonna hasyly ýygnaldy. Ýyladyşhanalarda pomidoryň “Ibn Sina” diýlip atlandyrylan görnüşi ekilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

2022