Türkmenistanda suwy netijeli peýdalanmak boýunça resminama taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda suwy netijeli peýdalanmak boýunça resminama taýýarlanylýar
Täze resminamanyň taslamasynda goýberilen agyz suwunyň we lagym suwlarynyň mukdaryny hasaba almak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda suw serişdelerini gorap saklamak we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen täze resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat  toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew  wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de suw serişdelerini gorap saklamak we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, täze resminamanyň taslamasynda goýberilen agyz suwunyň we lagym suwlarynyň mukdaryny hasaba almak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem agyz suwy bilen üpjün edijiniň we agyz suwuny sarp edijiniň borçlary, hukuklary hem-de jogapkärçiligini düzgünleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak meseleleriniň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz sebitimiziň tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, suw üpjünçiligi boýunça maksadalaýyk işleri geçirmegiň, suw serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemegiň hem-de bu ugurda barlag işlerini has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022