Bäherden ýüplük fabrigi 41 million manatdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherden ýüplük fabrigi 41 million manatdan gowrak önüm öndürdi
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli bu kärhananyň işiniň ösüş depgini 107,4%-e deň boldy.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginde şu ýylyň birinji ýarymynda 41 million 990 müň 155 manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagaty ministrligine degişli bu kärhananyň işiniň ösüş depgini 107,4%-e deň boldy.

Kärhanada öndürilen ýüplükleriň aglaba bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

1995-nji ýylda esaslandyrylan Bäherden ýüplük fabrigi Türkmenistanyň dokma senagatynyň ilki gurlan kärhanalarynyň biridir. Egriji fabrikde daşary ýurt işewürleriniň uly isleg bildirýän №27/1, №34/1 we №51/1 görnüşli ýüplükleri öndürilýär.

2022