“Tebigy ekin” sarymsak ekişini mehanizmleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tebigy ekin” sarymsak ekişini mehanizmleşdirýär
Täze enjam bir bada dört hatarda ekiş geçirmäge mümkinçilik bermek bilen, ol işleriň aglaba bölegini awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrýar. (Surat: “Sabz Dasht”)

Lebap welaýatynda ýerleşýän “Tebigy ekin” daýhan hojalygy şu ýyl Eýranyň “Sabz Dasht” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen ekiji tehnikasyndan peýdalanyp, sarymsak ekişini ýola goýdy.

Welaýatda daýhan hojalygynyň hünärmenleri tarapyndan bu tehnika boýunça sarymsak ekişi ilkinji gezek ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Daýhan hojalygynda şu ýyl 30 gektar meýdana sarymsak ekmek meýilleşdirilip, häzirki wagtda ekişiň agramly bölegi tamamlandy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Tebigy ekin” daýhan hojalygyna gelip gowşan täze enjam bir bada dört hatarda ekiş geçirmäge mümkinçilik bermek bilen, ol işleriň aglaba bölegini awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrýar. Enjam tohumlaryň topraga düşüş ýygylygyny hem islän görnüşiňde üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Takyk ekiş bolsa enjamyň esasy aýratynlygydyr.

Täze ekiji enjam Eýranda we halkara bazarynda 40 ýyldan gowrak baý tejribesi bolan “Sabz Dasht” kompaniýasy tarapyndan öndürildi.

Daýhan hojalygyna 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine 953 gektar ýeri bölünip berildi we idegi ýetirilýän ekerançylyk meýdanlaryň ählisi diýen ýaly Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýär.

2022