“Oguz ýol” oba-hojalyk önümçiliginde sil suwlaryndan peýdalanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Oguz ýol” oba-hojalyk önümçiliginde sil suwlaryndan peýdalanýar
“Oguz ýol” hojalyk jemgyýetiniň 8 gektara deň bolan döwrebap ýyladyşhanasynda Ýewropanyň iň kämil we akylly tilsimatlary ornaşdyrlandyr.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 1 müň 360 gektar ýerde oba-hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti önümçiliginde tebigy sil suwlaryny ulanýar. Bu maksat bilen kärhana göwrümi 4 million inedördül metre barabar bolan ýedi sany suw howdanyny gurdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, howdanlaryň içinde zeý suwlaryň döremeginiň, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, ekologik biodürlüligi gorap saklamak üçin suw geçirmeýän ýörite membrana gatlaklary göz öňünde tutulandyr.

Hojalyk jemgyýetiniň 8 gektara deň bolan döwrebap ýyladyşhanasynda Ýewropanyň iň kämil we akylly tilsimatlary ornaşdyrlandyr. Kärhananyň her gektardan 250 tonna pomidor hasylyny ýygnamaga mümkinçiligi bar.

Kompaniýa 655 gektar ýere almanyň, üljäniň, şetdalynyň, badamyň, zeýtunyň, erigiň nahallarynyň jemi 820 müň düýbüni oturtdy. “Oguz ýol” hasyla duran miweli baglaryndan birinji ýyly 10 müň tonna golaý hasyl almagy, soňky ýyllarda bolsa 40 müň tonna çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Nahallar damjalaýyn suwaryş usuly arkaly aýratynlykda suwarylýar.

Mundan başga-da kompaniýa 1 müň 350 gektar meýdanda arpa, bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmegi meýilleşdirýär.

“Oguz ýol” hojalyk jemgyýetiniň oba hojalyk önümçiliginde häzirki döwürde 500-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Ýyladyşhananyň we ekerançylyk meýdanlarynyň doly kuwwatynda işläp başlan ýagdaýynda hünärmenleriň sanyny bir müňe çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Önümçilik meýdanynyň çäginde 650 hünärmeniň dynç almaklary üçin dört sany umumy ýaşaýyş jaýlary bar.

Ýyladyşhanada öndürilýän pomidoryň we beýleki gök önümleriň içerki bazardan artýan bölegini Ýewropa ýurtlaryna, Russiýa, Gazagystana, Birleşen Arap Emirliklerine we dünýäniň beýleki döwletlerine eksport etmek meýilleşdirilýär.

“Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti geljek ýylda 10 müň tonna gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammary gurmagy meýilleşdirýär.

2022