Global energiýa ýetmezçiligini çözmekde türkmen taslamalarynyň orny

Nurmyrat Mommaýew
Global energiýa ýetmezçiligini çözmekde türkmen taslamalarynyň orny
Gyş paslynyň gelmegi we howanyň sowamagy esasynda tebigy gazyň ulanylyşynyň artmagyna we energiýa serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyna garaşylýar.

Dünýäde energiýa üpjünçiliginiň ýetmezçiliginiň döremegine we onuň birnäçe hepde dowam etmegine käbir ýagdaýlar sebäp boldy. Olara energiýany üpjün edýän ýurtlaryň önümçilikleriniň çäklendirmeleri, pandemiýadan soňky döwürde önümçiligiň dikeldilmegi esasynda islegiň köp bolmagy, tehniki meseleler we infrastruktura maýa goýumlarynyň ýetmezçilikleri degişli bolup biler.

Gyş paslynyň gelmegi we howanyň sowamagy esasynda tebigy gazyň ulanylyşynyň artmagyna we energiýa serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyna garaşylýar. Şol sebäpli elektrik stansiýalary we ýylylyk hojalygyny dolandyryş edaralary tarapyndan ulanylýan tebigy gazyň we kömüriň bahalary soňky ýyllarda iň ýokary derejä ýetdi. Şol bir wagtyň özünde nebitiň bahalary her hepde ýokarlanýar. ABŞ-nyň WTI görnüşli çig nebitiniň bahasy 2014-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri ilkinji gezek 80 ABŞ dollardan geçdi. Hytaýyň käbir sebitlerindäki zawodlar ýeterlik energiýa serişdelerini üpjün edip bilmedikleri sebäpli önümçiliklerini gysga wagtlyk togtatmaga mejbur boldular.

Hytaýdan soň dünýäde iň köp kömür sarp edýän ýurt hasaplanýan Hindistanda elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmegine onuň ýetmezçiligi sebäp bolýar. Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň takmynan 70% -ni üpjün edýän Hindistanda elektrik togunyň ýetmezçiligi, esasan, dünýäde kömüriň bahalarynyň ýokarlanmagy, ulag harajatlarynyň artmagy we howany üýtgetmek maksatlaryna ýetmekligi bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli köp ýurt, esasanam Hindistan we Päkistan, ekologiýa taýdan arassa we transport bahalarynyň täsiri sebäpli turbageçirijiler bilen täzeden gyzyklanyp başladylar.

Pandemiýanyň ýokarlanan döwründe energiýanyň bahalarynyň arzan bolandygyna garamazdan oňa ýeterlik islegiň bolmazlygy energiýany iň köp eksport edýän döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etdi. Öndüriji we eksport ediji ýurtlar özlerinde bar bolan nebiti arzan bahadan satmakda-da kynçylyk çekdiler, bu ýagdaý bolsa energiýa ýetmezçiligini ýüze çykardy. Pandemiýanyň täsiriniň peselmegi netijesinde ykdysadyýeti peselen ýurtlar önümçiligini gaýtadan dikeltmek üçin zerur bolan energiýa isleglerini artdyrdylar. Bu bolsa energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklaryň döremegine getirdi. Energiýanyň häzirki wagtda öndürilýän möçberinin artdyrylandygyna garamazdan islegiň ýokary bolmagy energiýa ýetmezçiliginiň saklanyp galmagyna getirýär.

Energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna şu esasy 4 ýagdaý sebäp bolýar:

  1. Dünýäde dörän guraklyk, ilkinji nobatda Ýewropada we dünýäde gidroelektrik stansiýalaryndan we ýelden alynýan energiýanyň düýpli azalmagyna sebäp boldy. Olardan alynýan energiýanyň azalmagy sebäpli zerur bolan energiýa tebigy gaz we kömür bilen işleýän elektrik stansiýalaryndan alynýar. Bu ýagdaý, tebigy gaza we kömüre bolan islegi ýokarlandyrdy we bahalaryň 500% galmagyna getirdi.
  2. Kömüriň bahasynyň galmagy we Ýewropadaky tebigy gaz ammarlarynyň gorlarynyň azalmagy bahalaryň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Ýyladyş maksatly tebigy gazyň ulanylyşynyň artmagy bilen bahalaryň kem-kemden ýokarlanmagyna garaşylýar.
  3. ABŞ-nyň energiýa kompaniýalary girdejileriniň bir bölegini maýadarlara paýlamaklyga, has dogrusy aýdylanda täze taslamalara maýa goýmaga höwesli däl. Olar girdejilerini täze guýulary burawlamaga sarp etseler, onda paýdarlaryň gitmeklerinden howatyrlanýarlar. Kompaniýalaryň öňki tejribelerinden belli bolşy ýaly, giden paýdarlar gysga möhletde yzyna dolanyp gelmeýärler.
  4. Russiýa ýaly iri energiýa öndürijileri energiýa bilen üpjün etmekde kynçylyk çekmegi bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Dünýä bazarynda bahalaryň ýokarlanmagy diňe bir energiýa bilen çäklenmeýär. Bugdaýyň, şekeriň, noýbanyň, kofeniň, misiň, poladyn we agaç önümleriniň bahalary hem ýokarlanýar. Şol bir wagtda bahalaryň has hem ýokarlanmagyna garaşylýar.

Energiýa taýdan daşary ýurtlara garaşly we ony import edýän ýurtlar üçin öňden bar bolan taslamalaryň täze taslamalar bilen üstüniň doldurylmagy energiýa bahalarynyň üýtgemegini azaldar we netijede bahalaryň durnuklylygy üpjün ediler. Türkmenistandan Hytaýa çenli bar bolan turbageçirijiniň A, B we C şahamçalaryndan başga-da, ýakyn wagtda D şahamçasynyň gurulmagyna garaşylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Hytaýyň energiýa bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam eder. Bu ýagdaýda Türkmenistan Hytaýyň energiýa zerurlyklarynyň takmynan 35%-ni kanagatlandyryp biler. Şonuň ýaly-da, TAPI taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň energiýa zerurlyklarynyň köp bölegini üpjün eder. Bu bolsa energiýa bahalary sebäpli ýokarlanan beýleki harytlaryň bahalaryny belli bir derejede çäklendirmäge mümkinçilik berer.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022