Türkmen pomidorynyň Russiýa eksporty iki esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen pomidorynyň Russiýa eksporty iki esse artdy
2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda türkmen pomidorlarynyň rus importyndaky paýy ilkinji gezek 10%-e ýetdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda ýyladyşhanada ösdürilen pomidorlaryň 32 müň tonnasyny Russiýa eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 92% köpdür. Şeýlelik bilen Türkmenistan ilkinji gezek Russiýanyň 4-nji iň iri pomidor üpjün edijisi boldy. Bu barada “EastFruit” analitiki platforma sişenbe güni habar berdi.

Geçen ýylyň degişli döwründe hem Türkmenistan pomidorlaryň Russiýa eksportyny iki essä golaý artdyrdy. Şeýlelik bilen, iki ýylyň içinde Türkmenistan Russiýa pomidor eksportyny dört esse artdyrdy. 2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda türkmen pomidorlarynyň rus importyndaky paýy ilkinji gezek 10%-e ýetdi.

Russiýadan başga-da 2021-nji ýylda türkmen pomidoryny Gazagystan hem işjeň satyn aldy. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda, Gazagystana iberilen türkmen pomidorlarynyň möçberi 73% ýokarlanyp, 13 müň tonna ýetdi.

Şeýle hem, şol önümleriň ilkinji tapgyrynyň 2021-nji ýylda Ukraina we Belarusa eksport edilendigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, ýyladyşhanada ösdürilen pomidorlar Türkmenistandan Ýewropa Bileleşigine (ÝB), ýagny 2021-nji ýylyň aprelinde Awstriýa hem ugradyldy.

2022