Türkmen we gyrgyz işewürleri bahasy $3 milliondan gowrak şertnamalary baglaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we gyrgyz işewürleri bahasy $3 milliondan gowrak şertnamalary baglaşdylar
Türkmenistanyň işewür wekiliýeti “Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlyk” atly forumyna gatnaşmak üçin Bişkek şäherine geldi. (Surat: Turcik.World)

Türkmen hususy pudagynyň wekilleri anna güni Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň işewürleri bilen umumy bahasy 3 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan dürli harytlaryň üpjünçiligi boýunça 6 şertnama gol çekdiler. Şertnamalar Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (GSTB) bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde baglaşyldy.

Gyrgyz “Tazabek” internet neşiriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň işewür wekiliýeti “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumynyň çäginde geçirilýäň “Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlyk” atly forumyna gatnaşmak üçin Bişkek şäherine geldi.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetine TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew ýolbaşçylyk etdi.

TSTB-niň we GSTB-niň agzalary şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Gyrgyzystana türkmen önümlerini ibermek üçin bahasy 28 million 575 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan şertnamalara gol çekdiler. Resminamalara Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäginde gol çekildi.