Türkmenistanyň dünýäde iň uly litiý öndürijisi we bu strategiki önüm bilen dünýä bazaryny üpjün ediji bolmagy üçin ähli çeşmeleri bar diýip, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasowyň “CentralAsia.news” habar saýtynda sişenbe güni çap edilen makalasynda bellenilýär.
Bilermeniň bellemegine görä, 2025-nji ýyla çenli dünýäde litiýe bolan isleg 550 müň tonna çenli ýokarlanar. Bu ýagdaýa esasan elektrik ulaglaryň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy sebäp bolar. Litiýiň beýleki metallar bilen deňeşdirip bolmajak özboluşly aýratynlyklary bolup, ol köp ýerlerde ulanylýar. Misiň we litiýniň sulfidi ýylylyk hem-de elektrik enjamlaryny öndürmek üçin iň gowy ýarymgeçirijileriň biridir.
Elementiň ähli häsiýetleri barada aýdyp, analitik dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän litiýiň Türkmenistanda önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi.
Alym Türkmenistanda himiýa senagatynyň ösüşinde Garabogaz aýlagynyň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Bu himiki element Öli deňiz, Garabogaz aýlagy we Türkiýedäki, Fransiýadaki, Germaniýadaky hem-de ABŞ-daky ýaly geotermiki we şor suwlardan çykarylyp bilner. Şeýle hem, litiý Türkmenistanda, Gazagystanda we Russiýada nebitiň çykarylyşy bilen baglanyşykly suwlarda hem tapylyp bilner diýip, Ylýasow nygtady.
“Türkmenistanyň dünýäde iň uly litiý öndürijisi bolmagy we dünýä bazaryny bu strategiki önüm bilen üpjün edip bilmegi üçin ähli tebigy, tehnologiki we adam resurslary bardyr” diýip, Ylýasow makalasyny jemledi.
Litiý esasan mobil telefonlary, noutbuklar, kameralar we elektrik awtoulaglary ýaly tehniki enjamlarda ýerleşdirilýän akkumulýatorlarynda giňden ulanylýar.