Aşgabatda Bitaraplyk güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Bitaraplyk güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi
Halkara maslahatyň netijeleri boýunça 26 sany köptaraplaýyn namalardan ybarat bolan resminamalar toplumyna gol çekildi.

Aşgabatda şenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, halkara maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiniň Milli Geňeşiniň ýolabşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolabşçylary, abraýly halkara we sebit guramalaryň baştutanlary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat binýadyna – parahatsöýüjilik, ynanyşmak we gepleşiklere açyklyk ýörelgeleriniň mahsusdygyny belledi.

“Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny giň gerimli işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň, häzirki bar bolan meseleleriň hem-de gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik gurallar arkaly, gepleşikleriň barşynda kadalaşdyrylmagyna we çözülmegine oňyn täsirini ýetirýän aýratynlyk hökmünde kabul edýäris” diýip, Ýurt Baştutanymyz nygtady.

Maslahatda çykyş edenler özüniň bitaraplyk syýasatyny nazarda tutmak bilen, Türkmenistanyň halkara we sebitleýin düzümler bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyny mundan beýläk hem dowam etjekdigini bellediler.

Halkara maslahatyň netijeleri boýunça 26 sany köptaraplaýyn namalardan ybarat bolan resminamalar toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusy dekabr aýynyň 12-sine BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly rezolýusiýasynda BMG ulgamy tarapyndan resmi ýagdaýda ykrar edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022