TOPH taslamasynyň gatnaşyjy ýurtlara durmuş-ykdysady taýdan goşjak goşandy

Nurmyrat Mommaýew
TOPH taslamasynyň gatnaşyjy ýurtlara durmuş-ykdysady taýdan goşjak goşandy
Gaz geçirijisi arkaly günde 60 million kubmetrden 90 million kubmetre çenli türkmen tebigy gazynyň ugradylmagyna garaşylýar.

Owganystan

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy Owganystanyň ösüşine goşant goşup biljek ähmiýetli taslamalaryň hataryndadyr. Sebäbi gaz geçiriji boýunça ediljek tölegleriň Owganystanyň ykdysadyýetine ýylda 300-500 million ABŞ dollary möçberinde goşant goşmagyna garaşylýar. Bu tölegler ýurduň adam we fiziki infrastrukturasynyň gurluşygyna gönükdirilen ýagdaýynda, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan özgermegine ýardam berer. TOPH gaz geçirijisi Owganystanyň sebitdäki energiýa akymlarynyň möhüm tranzit merkezine öwrülmegine mümkinçilik berýär. Gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystanyň Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa bilen integrasiýasy has aňsat hem-de çalt amala aşar. Mundan başga-da, bu taslamanyň çäklerinde ýurtda täze iş ýerleri dörediler we Owganystanyň halkynyň durmuş-ykdysady şertleriniň gowulandyrmagyna goşant goşar.

Pakistan

Soňky döwürde Hindistanyň we Pakistanyň ykdysadyýetleriniň çalt depginde ösmegi bilen bilelikde bu ýurtlaryň energiýa bolan islegi ýokarlandy. Elektrik energiýasynyň üpjünçiligindäki ýetmezçilik bu ýurtlarda ýygy-ýygydan elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy. Pakistanyň ykdysadyýeti 1990-njy ýyldan bäri her ýyl ortaça 4,1% ösýär. Şeýle-de bolsa, elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmegi hem-de ýangyç energetika üpjünçiligindäki ýetmezçilik önümçilik pudagynyň doly güýjünde işlemegine päsgel berýär. Halkara Ösüş Assosasiýasynyň çaklamalaryna görä, energiýa serişdeleriniň üpjünçiligindäki ýetmezçilikler Pakistanyň ykdysady ösüş depgininiň peselmegine sebäp bolýar. Pakistanyň hökümeti elektrik togunyň kesilmeginiň öňüni almak we energiýa çeşmeleriniň täze alternatiwlaryny döretmekde gazyň sarp edilmegine itergi berýär.

Gaz sarp edilişiniň ýokarlanandygyna garamazdan, gaz önümçiligi bu sarp ediş derejesine ýetip bilmeýär. Tebigy gaza bolan islegiň artmagy hem-de täze ätiýaçlyk gorlarynyň bolmazlygy bilen baglylykda, Pakistan gerek bolan tebigyz gazy import etmeli boldy. Bu sebäpden, ýurt 2015-nji ýylyň mart aýynda ilkinji gezek suwuklandyrylan tebigy gazy import edip başlady. 2016-njy ýylyň awgust aýynda Pakistan Katardan 2,8 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy import etdi.

Tebigy gaz geçirijileri energiýa ýetmezçiligi meselesini çözmegiň ýene bir usulydyr. TOPH gaz geçirijisi Pakistana ýylda 14 milliard kubmetr tebigy gaz import etmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilen senagat we energiýa bölümleri TOPH arkaly güýçlendirilip, ýurduň energiýa howpsuzlygyny berkider.

 Mundan başga-da, elektrik öndürmekde tebigy gaz aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi Pakistanda ýylylyk (termal) elektrik energiýasynyň 45,08%-i tebigy gazyň ulanylmagy arkaly öndürilýär. Tebigy gaz adatça Pakistanyň ýylylyk energiýasynyň önümçiliginde esasy çig mallaryň biri bolup durýar. Soňky döwürde içerki bazarda we daşary ýurt bazarlarynda tebigy gazyň elýeterliligi ýurt üçin möhüm meselä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, TOPH Pakistanyň iň möhüm taslamalarynyň biridir.

Hindistan

1990-njy ýyllardan başlap, Hindistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösmegi ýurduň energiýa bolan islegini hem-de importyny ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, Hindistan energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, täze import ugurlaryny ösdürmäge, energiýa netijeliligini artdyrmaga we has köp mukdarda täzeden dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga mejbur boldy.

Hindistanda ykdysady ösüş bilen birlikde energiýa bolan islegiň artmagynyň dowam etmegine garaşylýar. BP-nyň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli dünýädäki energiýa sarp edilişiniň 9%-i Hindistanyň paýyna düşer, ýurduň global önümçilikdäki paýy bolsa 5%-e deň bolar. Şol döwürde bu ýurduň tebigy gaza bolan islegi 131% ýokarlanyp, içerki tebigy gaz önümçiligi sarp edişden has pesde bolar. Şeýlelikde, 2040-nji ýyla çenli Hindistanyň tebigy gaza bolan isleginiň häzirki döwür bilen deňeşdirilende 4 esse ýokarlanmagyna garaşylýar.Energiýa üpjünçiliginde häzirki we geljekde ýüze çykyp biljek ýetmezçilik Hindistanyň TOPH bilen gyzyklanmasyny hem-de taslamanyň Hindistan üçin ähmiýetini aýdyň beýan edýär.

Mundan başga-da, taslama Merkezi Aziýa girişi üpjün etmekde, gelejekde bu energiýa baý sebit bilen şuňa meňzeş energiýa şertnamalarynyň baglaşylmagynda aýratyn artykmaçlyga eýedir. Bu hem, Hindistan ýaly köp ilatly ykdysadyýetler üçin möhüm faktor bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisi dört ýurduň arasynda Gazagystana çenli uzalyp gidýän söwda geçelgesiniň (koridor) döremegine sebäp bolup biler.

Türkmenistan

TOPH Türkmenistan üçin uzak möhletli hem-de ygtybarly bazary döretmekden başga-da, ýurduň energiýa eksportyny diwersifikasiýa etmek syýasatyna doly laýyk gelýär. TOPH gaz geçirijisinden alynjak girdejiler ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşar. Mundan başga-da, Hindistan ýaly iri energiýa import ediji ýurtlar bilen durmuş-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam berer.

Taslama Türkmenistan üçin geosyýasy ähmiýete eýedir. Gaz geçirijisi arkaly günde 60 million kubmetrden 90 million kubmetre çenli türkmen tebigy gazynyň ugradylmagyna garaşylýar. Ugradyljak tebigy gazyň 42%-ni Hindistanyň, 42%-ni Pakistanyň, galan böleginiň bolsa Owganystanyň satyn almagyna garaşylýar. Mundan başga-da, taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistan möhüm energiýa eksport ediji merkezleriniň birine öwrüler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022