Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar Prezident saýlawlary boýunça öňünden ses bermek işleriniň gidişi barada sişenbe güni maglumat berdi.
Merkezi Saýlaw toparynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 6-njy marty ýagdaýyna görä, ýurt boýunça saýlawçylaryň 2,54%-i, şol sanda Ahal welaýatynda 6,76%-i, Balkan welaýatynda 3,01%-i, Daşoguz welaýatynda 1,90%-i, Lebap welaýatynda 2,39%-i, Mary welaýatynda 0,92%-i we Aşgabat şäherinde 0,80%-i öňünden ses berdi.
Öňünden ses bermek 2-nji martda başlandy we 11-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.
Merkezi Saýlaw topary Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastogynyň döredilendigi barada goşmaça habar berdi.
Daşary ýurtlardaky saýlawçylaryň 28,60%-i öňünden ses berdi. Saýlawlar güni, ýagny 12-nji martda ses bermek degişli ýurduň ýerli wagty bilen sagat 07:00-dan 19:00-a çenli aralykda geçirilýär.
Merkezi Saýlaw toparyny Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.