“Türkmen Penjire” gapy panelleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen Penjire” gapy panelleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
Kärhanada häzirki wagtda profil önümleriniň birnäçe görnüşi öndürilýär.

“Türkmen Penjire” hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde galyňlygy 2 santimetre, uzynlygy 6 metre, ini 10 santimetre deň bolan gapy panelleriniñ (lambri) önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirilýär.

Paýtagtymyzyň “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän kärhanada häzirki wagtda “TMPEN” haryt nyşanly profil önümleri öndürilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi sahypasynda anna güni habar berildi.

Kompaniýanyň önümleri ýokary hilliligi hem-de sowuga we yssa çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde uzynlygy 6 metre, ini 6 santimetre deň bolan 3 we 4 kameraly ýüzi laminirlenen (mebel) profiller öndürilýär.

Hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýylyň awgust aýynda döredildi. Kärhanada Awstriýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bu ýerde gapylar we penjireler üçin niýetlenen PWH (poliwinilhlorid) profilleriň önümçiligini alnyp barýar.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022