Hindistan ilat sany boýunça dünýäde ikinji orny eýeläp, yurduň ilat sany 2004-nji ýyldan bäri her ýyl ortaça 1,6% ösüp gelýär. Häzirki wagtda Hindistan energiýa sarp edilşinde dünýäde 3-nji ýerde durýar. Şunuň bilen baglylykda, sarp edilýän energiýa möçberiniň ykdysady we ilatyň ösüşi bilen ugurdaşlykda ýokarlanmagyna garaşylýar. Halkara energiýa agentligi (IEA) global energiýa, daşky gurşaw hem-de geosyýasy aladalaryň merkezinde bolan Hindistanyň 2040-njy ýyla çenli global energiýa sarp edilşindäki paýynyň 25%-e çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Häzirki ösüş depgini bilen geljekde ýurduň ilat sanynyň 1,5 milliarda ýetip, Hytaýyň ilat sanyndan hem ýokary bolmagyna, şeýlelikde ýurduň energiýa bolan isleginiň has-da artmagyna garaşylýar. Hindistan nebit, tebigy gaz we kömür ýaly adaty energiýa çeşmelerini iň köp import edýän we bu ugurda dünýäde iň çalt ösýän bazarlaryň biridir.
Esasanam soňky ýyllarda Hindistanda elektrik energiýa pudagyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly kömür, nebit we tebigy gaz ýaly gazylyp alynýan ýangyçlara bolan isleg ýokarlandy. Nebit we tebigy gaz ýurduň energiýa zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagynda kömürden soň ikinji orunda durýar. Kömür ýangyjy Hindistanda energiýa sarp edilşinde iň uly paýa eýedir. Muňa garamazdan, soňky döwürde daşky gurşaw meseleleri sebäpli ýurtda ýaşyl energiýanyň giňden ornaşdyrylmagy babatynda zerur çäreler görülýär. Hindistanyň hökümeti soňky döwürde esasan hem arassa ýangyç ulanmak we nebit önümlerine garaşlylygy azaltmak boýunça tagallalaryny ýygjamlaşdyrýar. Tebigy gaz arassa energiýa çeşmesi hem-de onuň bahasynyň nebitden arzan bolmagy bilen baglylykda, alternatiw ýangyç hökmünde görülýär. Hindistanyň arassa energiýa çesmesi hökmünde tebigy gazyň ulanylşyny artdyrmak babatynda ädýän ädimleri, howanyň üýtgemegi boýunça Parižde geçirlen halkara mejlisde kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli ýurduň uglerod zyňyndylaryny 35% azaltmagy göz öňünde tutýan Maksatnama bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Hindistana geografiki taýdan ýakyn bolmagy, ýurduň Hindistana tebigy gaz eksport etmegi üçin amatly şertler döredip, iki ýurt üçin hem bähbitli bolup durýar. Mundan başga-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi Hindistan üçin türkmen tebigy gazynyň bahasynyň gämiler arkaly daşalýan suwuklandyrlan gazyň bahasyndan elýeterli bolmagyny üpjün eder. Ýurduň günsaýyn ýokarlanýan ilat sany hem-de ösýän ykdysadyýeti türkmen tebigy gazynyň Hindistana eksport edilmeginiň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Geçen hepde Hindistanyň Baştutany Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde türkmen-hindi ikitaraplaýyn gatnaşyklary, özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlyklar boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Mundan başga-da, Owganystan hökümetiniň TOPH tasalamasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda edýän tagallalary Hindistan üçin oňaýly waka boldy.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty