Dünýädäki iň gymmatly brendleriň sanawyna syn

Nurmyrat Mommaýew
Dünýädäki iň gymmatly brendleriň sanawyna syn
“Apple” kompaniýasy häzirki döwürde brend gymmatyny 355 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrdy.

“Brand Finans” kompaniýasynyň dünýäniň iň gymmatly 500 brendi (Global 500-2022) boýunça geçiren gözleg-barlag işleriniň netijelerine göra, tehnologiýa ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalar dünýädäki iň gymmatly kompaniýalaryň hatarynda durýarlar. Gözleg-barlag işleriniň netijeleri boýunça dünýäniň iň gymmatly 10 brendiniň 8-si tehnologiýa bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.  Şonuň bilen bir hatarda, bu brendleriň eýeleri dünýäniň iň köp girdeji gazanýan işewürleriniň sanawynda hem bardyr.

Esasanam, pandemiýa döwründe we pandemiýadan soňky döwürde dünýäde tehnologiýanyň ähmiýeti ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda, işewürler tehnologiýa kompaniýalaryna goýýan maýa goýumlaryny hasam artdyrdylar. Dünýäde neşir edilen köp sanly makalalarda, şonuň ýaly-da hasabatlarda tehnologiýa maýa goýýan işewürleriň öz girdejilerini artdyrýandyklary bellenilýär.

“Apple” kompaniýasy häzirki döwürde brend gymmatyny 355 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrdy. Kompaniýa dünýäniň iň gymmatly brendi bolup, onuň bazar bahasy takmynan 3,1 trillion ABŞ dollaryna barabardyr. Sanawda brend gymmaty takmynan 350 milliard ABŞ dollary bolan “Amazon” ikinji ýerde we 263 milliard ABŞ dollary bolan “Google” bolsa üçünji orunda durýar.

Mundan başga-da, kompaniýalaryň brend gymmatlary boýunça sanawda ilkinji onlukda  “Microsoft” brendi 4-nji (184,2 milliard ABŞ dollary), “Walmart” bölek satuw brendi 5-nji (112 milliard ABŞ dollary), Günorta Koreýanyň “Samsung” brendi 6-njy (107,3 milliard ABŞ dollary), ABŞ-nyň “Meta” (Facebook) brendi 7-nji (101,2 milliard ABŞ dollary), Hytaýyň Senagat we söwda banky (ICBC) we “Huawei” degişlilikde 8-nji we 9-njy (75,1 milliard ABŞ dollary we 71,2 milliard ABŞ dollary), ABŞ-nyň “Verizon” brendi bolsa 10-njy (69,6 milliard ABŞ dollary) orunda durýar.

Dünýäde iň ýokary brend gymmatyna eýe bolan pudak tehnologiýa bolup, ol 14,79% bilen beýleki pudaklaryň arasynda ilkinji orny eýeleýär. Şeýle-hem, bölek satuw pudagy ikinji (14,39%), bank ulgamy üçünji (11,60%), mediýa ulgamy dördünji (10,23%), telekommunikasiýa ulgamy bäşinji (7,20%), maşyn gurluşyk ulgamy altynjy (6,81%), ätiýaçlandyryş ulgamy ýedinji (4,27%), inžener-binagärlik pudagy sekizinji (4,02%) we nebit-gaz pudagy (3,90%) dokuzynjy orny eýeleýär.

Dünýäniň iň köp girdejili işewürleriniň sanawyny neşir edýän “Bloomberg Billionaires Index”-iň maglumatlaryna görä, sanawdaky 10 işewüriň 6-sy gönüden-göni tehnologiýa pudagynda iş alyp barýar. Sanawa görä, dünýäniň iň köp girdeji gazanan işewüri häzirki wagtda “Twitter”-i satyn almak boýunça gepleşikleri hem geçirýän Elon Mask boldy. Sanawyň ilkinji onlugyna giren Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Peýj, Sergeý Brin we Stiw Ballmer hem tehnologiýa ulgamynda işleýän işewürler hökmünde tapawutlanýarlar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022