ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistana maýa goýmagy maksat edinýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistana maýa goýmagy maksat edinýärler
Türkmen tarapy täze tekliplere garamaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizini kabul etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösdürilmegine maýa goýmagy hem-de amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belläp, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmak üçin edýän tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň sport ulgamda ýöriteleşen kompaniýalarynyň sportuň golf görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine goldaw bermegi maksat edinýändikleri bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň täze tekliplere we däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşi 2008-nji ýylda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen döredildi.

2022