“Dowamly bina” hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde Ahal welaýatynda ýerleşýän göwrümi 2000 tonna barabar bolan miwe, gök we bakja önümlerini saklaýan sowadyjy ammaryny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki TSTB-nyň agzalarynyň senagat zolagynda gurluşygy alnyp barylýan bu desgada enjamlaşdyrmak, gözegçilik, sazlaýyş işlerini doly kompýuterleşdirmek işleri alnyp barylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, desga Türkiýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylar. Ammaryň sowadyjy bölümlerinde dürli görnüşli iýmit önümlerini saklamak üçin şertler dörediler.
Ýyllyk hasyl döwründe ýerli telekeçilerden we daýhanlardan gök önümleri satyn almak, olary arassalamak we ýokary hilli önümleriň hersini ammar şertlerine laýyklykda sowadyjy enjamlara ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Öňümizdäki günlerde sowadyjy ammary işe giriziler we halkymyza hyzmat edip başlar.